Türkmenistan we Bütindünýä poçta birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir.

1874-nji ýylda döredilen Bütindünýä poçta birleşigi soňra BMG-niň düzümine girizildi. Gurama birnäçe teklipleri hödürläp, dürli döwlatara geleşiklerinde araçy bolup çykyş edýär hem-de poçta ibermelerinde tehniki geňeşçi hyzmatyny ýerine ýetirýär.