BMG-de Awazada ulag ministrleriniň maslahaty geçirilendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparynyň (LLDC) ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda LLDC-iň ýurtlarynyň Ulag ministrleriniň konfrensiýasynyň çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirildi. Şol maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji Awaza beýannamasy kabul edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşyga gatnaşyjylara wideo arkaly ýüzlenme ugradyp, şonda 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen esasy netijelerini umumylaşdyryp beýan etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasynyň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda gün tertibini amala aşyrmakda LLDC ýurtlarynyň gazanan ösüşini, şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahata taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdylar.