Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde gümrük maglumatlaryny alyşmagyň gurallary ornaşdyrylýar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň harby gullukçylary ýükler barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça geçirilen bilelikdäki okuw çäresine gatnaşdylar. Ol Farap awtoýollary (Türkmenistan) we Alat (Özbegistan) gümrük nokatlarynda geçirildi.

 

23-25-nji ýanwarda geçirilen çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

 

Bu çäre ýük awtoulagly daşamalarda harytlaryň bikanun dolanyşygynyň töwekgelçiligini azaltmak, onuň bilen bagly Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky ähmiýeti uly bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ulag geçirijiligini ösdürmek boýunça serhetleşýän gümrük edaralarynyň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, bu ugurda gümrükçileriň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna gönükdirilen.

 

Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermeniniň alyp barmagynda guralan amaly okuw çäresiniň barşynda, oňa gatnaşyjylar şübheli ýükler boýunça dessine deslapky maglumat alyşmak, haryt ulag resminamalaryny we geçirilen ýükleriň gümrük barlagynyň netijelerini seljermek ýaly amallary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.