“Siggi's Dairy” bir aýlap smartfonsyz (el telefonsyz) saklanyp bilenlere sylag berer

“Siggi's Dairy” kompaniýasy (the siggi's Digital Detox Program) sanly detoks synag programmasyny (the siggi's Digital Detox Program) işe girizdi. Bu barada kompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.

 

Ol smartfonsyz (mobil el telefonsyz) bir aý saklanyp bilenlere 10 müň dollar tölejekdigini aýtdy.

 

Gatnaşmak isleýänler birnäçe şertleri ýerine ýetirmeli bolarlar. Hususan-da, şeýle programmanyň özüňiz üçin ähmiýetini açyp görkezýän gysga düzme ýazmaly, smartfonyňyzdan ýüz öwürmeli we ony seýfde gizlemeli.

 

Çalyşmak boýunça, gatnaşyjylaryň hemmesi aragatnaşyk saklamak üçin adaty telefon alarlar. Telefon bilen bir hatarda, kompaniýa öňünden tölenen minutlar we sms habarlar bukjasy bilen SIM-karta bilen hem üpjün eder.

 

Kompaniýa tarapyndan öňe sürlen bu çemeleşme, gadjetlere we sosial ulgamlara aşa hyjuw meselesine ünsi çekmegiň başga bir usulydyr. Häzirki zaman dünýäsinde gadjet ýa-da jübi telefony bolmadyk adama duşmak mümkin däl diýen ýalydyr.

 

Şonuň üçin bu “Siggi” synagy käbir peýdalary getirer. Iň uly ýeňiji, sanly detoksifikasiýa netijesinde durmuşy üýtgän adamlar bolar.