Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa, dokma senagaty önümleri we elde dokalan halylar ýerlenildi
29-njy ýawarda Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümleri we elde dokalan halylar ýerlenildi.
Daşarky bazarda Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministirligi bilen aşgarlanmadyk nah ýüpligini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmen işewürleri “Türkmennebit ” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem olar el halylaryny satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 733 533,59 manat we 973 120 dollar bolan dört gelişik baglaşyldy.