Iň köp satylan mobil telefonlar yglan edildi

«Visual capitalist» neşiri taryhda iň köp satylan öýjükli telefonlaryň sanawyny hödürledi.

 

Mediýa-gözlegçiler uly göwrümli, şeýle hem  «Yahoo Finance» we «Omdia» analitik kompaniýasy tarapyndan berlen maglumatlary gözden geçirdiler.

 

Şeýlelikde, «Telefonlaryň tutuş taryhynda» iň köp satylan telefonlaryň sanawynda «Nokia 1100» birinji orunda durýar (250 million nusga satyldy).

 

Ikinji orunda 248 million sanysy satylan «Nokia 1110» barýar. Üçünji orny jemi 222 million nusgasy satylan «iPhone 6» we «6 plus» eýeleýär.

 

Neşiriň sanawyna görä, onluga giren telefonlar şu aşakdakylardan ybarat:

 

Nokia 1100 (250 million)

Nokia 1110 (248 million)

iPhone 6 we 6 plus (222 million)

Nokia 105 seriýa (200 million)

iPhone 6S / 6S Plus (174 million)

iPhone 5s (165 million)

Nokia 3210 (161 million)

iPhone 7/7 Plus (160 million)

iPhone 11/11 Pro / 11 Pro Max (159 million)

iPhone XR / XS / XS Max (151 million)

 

«Samsung E1100» modeli neşiriň sanawynda 11-nji, «Motorola Razr V3» bolsa 17-nji ýerde durýar. Iň köp satylan telefonlaryň ýigrimiligini bolsa «Nokia» we «iPhone» brendleriniň beýleki görnüşleri eýeleýärler.