Türkmenistan we Russiýa demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşýar
Şu günler «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň orunbasary Sergeý Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar.
Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýlelikde, Pawlowyň «Türkmendemirellary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüş tapgyrlary, üstaşyr ýollaryň ýagdaýy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi görkezildi.
Ýurdumyzda bolýan rus wekiliýetiniň başlygy Türkmenistanda halkara ulag ýollaryny ulanmak üçin döredilen şertleriň derejesine ýokary baha berdi we munuň halkara gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek üçin möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.
Rus wekiliýeti Arkadag şäherine hem baryp gördi. Şäher häkimliginde geçirilen duşuşykda döwrebap şäherde demir ýol ulaglarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin uly şertleriň bardygy bellenildi. Arkadag şäherinde demir ýol aragatnaşygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem «Russiýanyň demir ýollarynyň» wekilleri türkmen-eýran serhedinde — Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda ýerleşýän «Sarahs» demir ýol stansiýasyna baryp gördüler.
Wekiliýet demir ýol serhet geçelgeleri bilen tanyşdy. «Sarahs» stansiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda halkara «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Rus wekiliýetiniň Türkmenistana sapary dowam edýär.