Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrik otly birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji elektrik otly Arkadag şäherini we Aşgabat şäherini birleşdirer. Bir nokatdan beýlekisine bary-ýogy 18 minutda baryp bolar.

 

Bu taslama barada şu günler Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowyň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi.

 

Duşuşykda taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça piker alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak meselesine garadylar.

 

Gepleşikleriň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklar esasynda birnäçe şertnamalara gol çekildi.

 

«Rossiýskiýe železnyýe dorogi» açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekiliýet agzalary Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Sarahs» stansiýasyna hem baryp gördüler.