“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr
“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody MA – ÝB ugry boýunça ýükleri daşamak üçin deňiz gämilerini gurmaga ukyplydyr Şu ýyl gämi gurluşygyna girişen “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody özüniňň hyzmatdaşlary bilen birlikde 14 aýyň dowamynda ilkinji gury ýük gämisini gurup ulanmaga bermegi meýilleşdirýär. Gämileriň ikinji şondan iki aý soň, üçünjisi hem 4 aýdan soň ulanmaga berler.
Bu möhletler sebitiň gämigurluşyk pudagynda iň amatly wagtdyr. Sebäbi, adatça deňzi gämisini gurup ulanmaga bermek üçin azyndan 3 ýyl gerek bolýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Brýussel şäherinde geçirilen “Global Gateway” maýadarlar forumynyň çäklerinde geçirilen “Tiz ýeňişler, uly täsir – Hazarüsti ulag arabaglanyşygy üçin gysga möhletli maýa goýum mümkinçilikleri” atly mejlisde eden çykyşynda mälim etdi.
Türkmenistanda şeýle hem “RO-RO” görnüşli paromlary gurmaga başlamak göz öňünde tutulýar. Şunda mil gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýylda 4 gämini gurmaga we 20 gämini abatlamaga mümkinçiligi bar. Çaklamalara görä, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýyllyk goşmaça 5 million tonna ýük geçirmelerini ýola goýmak üçin ýene-de azyndan 20 gury ýük gämisini gurmak gerek bolar. Türkmenistanyň gämigurluşyk pudagynyň doly güýjünde işlemegi üçin maýa goýumlar esasy orny eýeleýär.
"Global Gateway” forumynyň çäklerinde şeýle hem “Hazar deňzini kesip geçmek: merkezi ýeri esasy baglanyşyga öwürmek” atly mejlis geçirilip, onda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Seýitguly Baýseýidow çykyş etdi.
Ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ýük geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýändigini, deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa döwletleri üçin möhüm aragatnaşygy üpjün edýändigini, olara söwda üçin ykdysady taýdan bähbitli ulag ugruny hödürleýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Hökümetiniň täze portuň gurluşygy üçin 1,5 milliard amerikan dollar maýa goýandygyny bellän, Seýitguly Baýseýidow ýylda 17 million tonna ýüki geçimäge ukyply Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ekologiýa taýdan arassa desgalary işe girizýändigini we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanýandygyny, munuň şeýlediginiň ykrarnamasy hökmünde 2023-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) goldawy bilen Durnukly logistika zynjyry bileleşigi (EcoPort Suistanable Logistic Chain) tarapyndan “ýaşyl” port şahadatnamasynyň gowşurylandygyny belledi.
Türkmenistanyň Halkara deňiz guramasynyň Deňiz daşamalaryny ýeňilleşdirmek boýunça konwensiýasyna goşulmagy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýakyn wagtda “Bir penjire” ulgamyny döretmäge şert döreder.