«Türkmenawtoulaglary» agentliginde 2024-nji ýylyň şygarynyň hormatyna çäre geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.

 

Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy şu ýyl halkara derejesinde giňden belleniler.

 

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi akyldar şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.