«KAMAZ» ýokary derejeli hyzmat bilen üpjün eder

Daşoguz şäherinde «KAMAZ» ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy.

 

Täze bina «Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Indi täze desganyň işe girizilmegi üçin taýýarlanylan işleriň çäginde çekilen aragatnaşyk ulgamy we oturdylan enjamlar barlanýar.

 

«KAMAZ» ulaglaryny abatlamak üçin täze okuw we hyzmat merkezinde dolandyryjylar ýerleşýän iki gatly bina, abatlaýyş dükany we awtoulag ýuwulýan dürli desgalar guruldy. Merkeziň çäginde ammar, awtoulag duralgasy, dürli platformalar hem guruldy.

 

Okuw we hyzmat merkeziniň tutuş meýdany abadanlaşdyryldy hem-de yşyklandyryldy. Hünärmenleriň aýdyşyna görä täze binada kadaly işlemegi üpjün etmek üçin döredilen dürli tehniki desgalar hem bar. Işe girizilenden soň «KAMAZ» tehniki barlag we abatlaýyş işlerini goşmak bilen doly tehniki hyzmaty gurar.