Gazagystan Hazar deňzindäki iki porty Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalarynyň dolandyryşyna geçirmekçi
Gazagystan Hazar deňzindäki Aktau we Kuryk portlaryny Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalarynyň dolandyryşyna geçirmäge taýýardyklaryny KZ Insider habarlar gullugy habar berýär.
Habar gullugyň habar bermegine görä, dolandyryşa geçirmeklik ship-or-pay şertlerinde amala aşyrylar. Mundan başga-da, Gazagystanyň häkimiýetleri Hazar deňzinde konteýner merkezini döretmegi meýilleşdirýärler.
Mundan öň Gazagystanyň ähli howa menzillerini dolandyryş üçin Ýewropanyň maýadarlaryna geçirmäge taýýardygy habar berildi.
“Biz Gazagystanyň galan 22 howa menzilini Ýewropanyň maýadarlaryň ýolbaşçylygynda hususy pudaga geçirmäge taýýardyrys. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr merkezine öwrülmek üçin uly mümkinçilikler bardyr "-diýip, Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri Marat Karabaýew bu barada belledi.
Onuň aýtmagyna görä, howa duralgalaryny geçirmekliginiň teklip edilmegi hususy maýa goýumlaryny çekmek we olary üstaşyr merkezi hökmünde ösdürmek bolup durýar.
Häzirki wagtda Gazagystanda Astana we Almaty halkara howa menzilleri daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylygynda ýöredilýär.