TRACECA maksatnamasyna gatnaşýan türki dilli ýurtlaryň gümrük hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly dörediler

TRACECA halkara maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük gulluklary elektron hyzmatlarynyň ýeke-täk tranzit portalyny döretmek bilen bagly çarçuwaly şertnamany taýýarlaýarlar.

 

— Biz Azerbaýjanda döwletiň şu ugurda zerur bolan içerki işleriniň ählisini amala aşyrdyk. Häzirki wagtda halkara üstaşyr geçelgesine gatnaşýan türk dilli ýurtlaryň şeýle hereketleriniň tamamlanmagyna garaşýarys. Şondan soň gümrük hyzmatlarynyň ýek-täk tranzit portaly dörediler. Degişli çarçuwaly şertnama boýunça netijeli işleri alnyp barylýar — diýip, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň Baş gümrük dolandyryş müdirliginiň gümrük düzgünleşdiriş departamentiniň başlygy Jafar Guluzade aýtdy.

 

Ol gümrük hyzmatlarynyň ähli meselelerini utgaşdyrmak we birleşdirmek üçin kesgitli wagtyň gerek boljakdygyna hem aýratyn ünsi çekdi.