30-njy ýanwarda Brýusselde geçirilen “Global Gateway” maýadarlaryň forumynyň çäklerinde “Türkmenistanyň derwezesi: ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini öwrenmek” atly mejlis geçirildi. Onda Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmek boýunça uly kuwwatlyklara eýe Türkmenistanyň ulag toplumyna goýa goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginden, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginden, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümlerinden, “Royal IHC”, “Cargolux” ýaly halkara kmpaniýalaryndan wekiller we işewürler gatnaşdylar.
Hazar deňiz geçelgesini ösdürmek, geçiriş amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, demir ýol daşamalaryny sazlaşdyrmak ýaly esasy taslamalar hödürlenildi.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Işangulyýew häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginden konteýner ýükleri daşamak üçin sarp edilýän wagtyň 3 gije-gündize çenli azaldylandygyny aýtdy. Şeýle hem hyzmatdaşlar bilen ylalaşylan tarifler güýje girizilýär, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan Akýaýla stansiýasy arkaly üstaşyr geçirilýän ähli ýükleri (alýumin we onuň okisinden daşary) 50 göterim arzanladyş bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna daşamak hyzmaty ýola goýuldy.
Ýewropaly maýadarlara üstaşyr geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen demir ýoluň hereketli düzümlerini täzelemek, demir ýolda dolandyryşy awtomatlaşdyrmak we bilelikdäki logistika merkezlerini döretmek üçin demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna garamak teklip edildi.
Awtomobil ulaglary pudagynda, şäher we şäherara ýolagçy gatnawynda awtobus gatnawyna awtomatiki gözegçilik, milli awtomobil ýük daşaýjylaryň işine gözegçilik etmek üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän maglumat we telekommunikasiýa platformasyny döretmek ýaly maýa goýum taslamalarynyň bardygy aýdyldy. Bu taslamalar awtoulag serişdelerine we hyzmatlaryna döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga , awtoulag serişdelerini düzmek, tehniki hyzmat etmek bilen bagly bilelikdäki karhanany döretmäge mümkinçilik berýär.
Gämigurluşyk pudagynda maýa goýum taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow pudagyň ileri tutýan taslamalary barada durup geçdi. Bu taslamalar nebit önümleri ýüklenende we düşürilende deňiz giňişligine zyňylýan galyndylary ýygnaýan gämileri, deňiz giňişligindäki nebitgaz guýularynda tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän gämileri, türkmen nebitine we ony daşamaga bolan zerurlyklaryň artýan şertlerinde nebit tankerlerini gurmaga degişlidir. Şeýle görnüşli tankerler Türkmenistanyň deňiz giňişliginde barha artýan nebit guýularyndan çig nebiti daşamakda hem möhümdir.
Seýitguly Baýseýidow Ýewropanyň kompaniýalaryny bar bolan mümkinçilikleri ýerinde öwrenmek üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de türkmen tarapynyň degişli taslamalary maliýeleşdirmek boýunça hödürlenjek taslamalara garamaga taýýardygyny mälim etdi.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Merdan Bäşimow Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda netijeli ýük akymyny ýola goýmak üçin Gara deňiz portlarynyň arasynda fider gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň esasy demir ýol terminallary bolan Etrek we Sarahs stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna ünsi çekdi. Bu demir ýol terminallary demir ýol arkaly konteýner ýük daşamalarynda baglanyşdyryjy zynjyr bolup hyzmat edýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzili bütin Merkezi Aziýa sebitinde iri logistika merkezi bolup biler. Onuň ösdürilmegi ýewropaly maýadarlar üçin täze ugurlary açýar.
Mundan başga-da, Ýewropa ýurtlarynyň awiadaşaýjylaryna dürli görnüşli uçaralara ýangyç guýýan we hyzmatlaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň halkara howa menzillerinde tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlary amala aşyrmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyryldy.
Durnuksyz dünýä şertlerinde ähli ulag ugurlarynda howpsuzlygyň kepili bolup hyzmat edýän Türkmenistan ýükleri howpsuz daşamakda gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň ygtybarlylygyny ynandyrýar we Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda üstaşyr arabaglanyşygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýelemäge taýýar.
Şu gezekki mejlis Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýmaga halkara kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
29-30-njy ýanwarda Brýussel şäherinde Ýewropadan, Merkezi Aziýadan, şeýle hem Kawkaz ýurtlaryndan, Türkiýeden, "Uly 7-ligiň" döwletlerinden hökümet, maliýe edaralarynyň, raýat jemgyýetleriniň wekilleriniň, işewürleriň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýadarlar forumy geçirildi. Onuň esasy maksady Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazarüsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekde zerur bolan maýa goýum meselelerini maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn birnäçe duşuşyklary, şol sanda Ýewropa bileleşiginiň Ulag boýunça komissary Adina Walean, Ýewropa Maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinska, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabnetiniň Başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew bilen gepleşikleri geçirdi.