Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň – Balkan, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze pudaklaýyn desgalaryň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly—Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir hem-de ondan has netijeli peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyl üçin Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi. Olaryň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyklykda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, täze awtomenzilleriň gurluşygy amala aşyrylýar.