Apple täze operasion ulgamy işläp taýýarlaýar

Apple TV tvOS kodunyň beta-wersiýasynda homeOS operasion ulgamyň ady agzalyp geçilýär.

 

Apple kompaniýasy bu operasion ulgam barada ozal habar bermändi.

 

Bu operasion ulgamyň Apple-iň täze akylly displeýi üçin niýetlenilen bolmagy mümkin. Aýtmaklaryna görä bu ulgam eýýäm şu ýyl tanyşdyrylar.

 

Enjam Amazon Echo Show, Meta Portal we Google Nest Hub bilen bäsdeşlik eder. Onuň iPad äheňinde dizaýny, HomePod-yňky ýaly dinamikleri bolar we FaceTime üçin kamera bilen üpjün ediler. Enjamyň şu ýyl satuwa çykarylmagy mümkin.

 

Işläp taýýarlamaçylary üçin tvOS 17.4 beta-wersiýany Apple 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda tanyşdyrdy.