Howa menzilleri el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegini ýatyrarlar
Käbir Ýewropa ýurtlarynyň howa menzillerinde el goşunda 100 ml-dan artyk suwuklyk götermekligiň gadagan edilmegi ýatyrylar.
Bu üýtgeşmäniň uçuşlaryň ygtybarlylygyna täsir etmeýändigine garamazdan Beýik Britaniýanyň Ulag ministrliginde aýtmaklaryna görä bu düzgüniň ýatyrylmagy howa menzillerinde nobata garaşmagyň wagtyny gysgaldar hem-de ýolagçylar üçin amatly şertleri döreder.
Munuň üçin Smiths Detection kompaniýasynyň täze kämilleşdirilen howpsuzlyk skanerlerinden peýdalanylar. Bu enjamlar kompýuter tomografiýasy tehnologiýasy esasynda işleýär hem-de ýolagçynyň torbasyndaky goşuň dury 3D şekilini almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle hem täze tehnologiýa pul tygşytlamaga mümkinçilik berer, çünki ýolagçylar ýanlary bilen howa menziline dürli içgileri getirip bilerler.
Howpsuzlyk skanerleri eýýäm Demirgazyk-Gündogar Angliýadaky Tissaýd halkara howa menzilinde, Amsterdamyň Shiphol howa menzilinde we Leonardo da Winçi Rim-Fýumiçino halkara howa menzilinde ulanylýar.
Skanerler Londonyň Getwik we Hitrou howa menzillerinde synagdan geçirildi. Beýik Britaniýada täze howpsuzlyk tehnologiýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda ornaşdyrylar.
Skanerler ornaşdyrylandan soňra 100 ml çäklendirmesi iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda ýatyrylar.
100 ml çäklendirmesi 2006-njy ýyldan bäri hereket edýär.