IMO deňiz söwdasy üçin “ýeke deňiz penjiresiniň” ähmiýetini nygtaýar
2024-nji ýylda gämi gatnawy sanlylaşdyrmagyň tizlenmeginde möhüm tapgyr boldy.
Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasyna (FAL) laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan talap edilişi ýaly hökümetler gämileriň porta giren wagtlary, olar bilen maglumat alyşmak üçin ýeke sanly platforma ýa-da “ýeke deňiz penjiresini” ulanmalydyrlar. Bu, gämileriň gelmegini, galmagyny we gitmegini gaýtadan işlemegiň proseduralaryny ýönekeýleşdirer we bütin dünýäde ýük daşamagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar.
IMO-nyň Baş sekretary Arsenio Domínguez: "Sanlaşdyrma ýük daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Ýeke deňiz penjiresi gämileriň, portlaryň we döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary çalt, ygtybarly we bökdençsiz geçirmäge mümkinçilik berýär."
Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasy 1965-nji ýylda kabul edildi we resmi taýdan ýönekeýleşdirmek, gämileriň gelmegi, galmagy we gidişi üçin resminama talaplary we proseduralary ýönekeýleşdirmek üçin kadalar we maslahat berilýän amallar bar. Konwensiýa proseduralaryň sanlaşdyrma we awtomatizasiýalaşdyrma goşmak bilen yzygiderli täzelenip durýar.
Haçanda gämiler porta girende we çykanda dürli kenarýaka guramalary bilen möhüm maglumatlary alyş-çalyş etmeli. Portuň ýolbaşçylary, losmanlar, deňiz administarsiýalary we saglygy goraýyş edaralary üçin, gämileriň, ýükleriň, howply ýükleriň, ekipažyň, ýolagçylaryň we howpsuzlyga degişli başga-da köp maglumatlary, daşky gurşawy goramak barada maglumatlary möhüm bolup durýar.
2019-njy ýyldan başlap IMO, gämi barada hasabat berýän taraplaryň, ýagny, kapitan, gämi agentleri, gämi eýeleri we deňiz zolaklarynyň häkimiýeti öz aralarynda gämiler, ýükler we adamlar barada resminamalary elektron görnüşli alyş-çalyş etmegi talap edýär. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa ähli portlarda “ýeke penjire” hökman bolmaly. Ýeke deňiz penjiresiniň esasynda, maglumatlar göçürmesiz ýeke portaldan iberiler we degişli edaralara ugradylar.