Boloniýada ulag üçin täze tizlik çäklendirilmesi girizildi
Boloniýada (Italiýa) ulag üçin täze tizlik çäklendirilmesi girizildi: şäher köçeleriniň 90% -inde sagatda 30 kilometre çenli tizlikden ýokary hereket edip bolmaz. Tizligiň ýokarlandyrylanlygy üçin 29 ýewro jerime salynýar.
Ýewropa ulag howpsuzlygy geňeşi (ETSC) şäher ýollarynda tizligi çäklendirmegi maslahat berýär. Bu çäre bilen Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli ýol hadysalarynda agyr ýaralananlaryň sanyny 50% azaltmagyna garaşýar. Pyýadalar, welosiped sürýänler we motosikl sürüjileri iň köp ejir çekýärler.
Bolonýa Italiýadaky Sardiniň Olbiýa şäherinden soň, şeýle çäklendirilmäni kabul eden ikinji şäherdir. «Milan» we «Parma» hem 2024-nji ýylda köçelerindäki tizligi sagatda 30 kilometre çenli çäklendirmegi göz öňünde tutýar.