Gazagystan howa menzillerini ýewropaly maýadarlara bermäge taýýar
Gazagystan howa menzilleriniň 22-sini Ýewropadan bolan maýa goýujylaryň dolandyryşyna geçirmäge taýýar. Bu barada «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» maýa goýujylar forumynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň ulag ministri Marat Karabaýew belledi.
«Biz Gazagystanyň galan howa menzilleriniň 22-sini Ýewropanyň hususy maýa goýujylaryna dolandyrmak üçin bermäge taýýar. Munuň özi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda tranzit merkezine öwrülmek üçin uly mümkinçilikleri açýar» — diýip, nygtaýan Karabaýewiň aýdyşy ýaly, howa menzillerini maýadarlara geçirmek hususy maýa goýumlary çekmek we tranzit merkezi hökmünde ösdürmek maksady bilen teklip edilýär.
Ministr Gazagystanyň hökümetiniň daşary ýurt maýadarlaryna üç şert goýýandygyny aýtdy.
«Birinjisi — uçuş-gonuş zolagyny düýbünden täzelemek. Şeýlelikde, biz respublikan býudjetimize täsir edýän çykdajylary ep-esli azaldýarys, tygşytlan serişdelerimizi ilatyň beýleki zerurlyklaryna gönükdireris. Ikinjisi — olaryň howa menziliniň toplumyny abatlamagy. Üçünjisi — bu meýdanda uly howa merkeziniň döredilmegi» — diýip, Karabaýew sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol mümkinçilikleri uly bolan maýadarlaryň howa menziliniň töwereginde uly ammarlary, täze myhmanhana toplumlaryny we menziliň işgärleri üçin aýratyn zonany öz içine alýan «düýbünden täze dolandyryş derejesini» döretmegi teklip edendigini aýtdy.