Türkmenistanyň we Russiýanyň gahrymany Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýdy

4-nji fewralda Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, instruktor-kosmonawt, «Roskosmos» kosmonawtlar otrýadynyň serkerdesi Oleg Kononenko kosmosda geçiren wagty boýunça rekord goýdy. Ol bu ugurda öz kärdeşi Gennadiý Padalkadan hem öňe geçdi.

 

Döwlet korporasiýasy Gennadiý Padalkanyň bäş gezek kosmosda bolmagynyň umumy dowamlylygynyň 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekuntdygyny beýan edýär. Oleg Kononenkonyň bu belligi 4-nji fewralda Moskwa wagty bilen 11:30-da ýeňip geçmegine garaşylýardy. Orbitada geçirilen wagt boýunça üçünji orny rus kosmonawtlaryň ýene biri — Ýuriý Malençenko eýeleýär. Onuň orbitada geçiren wagty 827 güne barabardyr.

 

Mundan başga-da, Kononenko Halkara Kosmos stansiýasyndaky işiniň dowamlylygy boýunça hem rekord goýar. Bu gezek kosmonawt 375 günläp stansiýada boldy. Tütkmenistanly kosmonawtyň rekordyna çenli 371 günläp Halkara Kosmos stansiýasynda bolan russiýaly Sergeý Prokopýew we Dmitriý Petelin, şeýle hem «NASA-nyň» astronawty Frenk Rubio öňde barýardy.

 

Wezipäniň tamamlanmagy bilen, 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Kononenko kosmosda müň günden gowrak wagt geçiren ilkinji ynsan bolar. Kosmonawt bu rekordy 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen 00:00-da goýar. Uçuşyň umumy wagtynyň 1110 güne ýetjekdigini «Roskosmos» beýan edýär.