«Toyota Fortuner»: täze nusganyň özboluşly aýratynlyklary

Ýolsuz ýerde hereket etmäge ukyply «Toyota Fortuner» awtoulagynyň häzirki nesli gözbaşyny 2015-nji ýyldan alyp gaýdýar we ol «Hilux» kysymly awtoulagyň uly açyk ýük bölümine mätäç bolmadyk müşderileriň iň halaýan görnüşine öwrüldi.

 

Indi ýapon inženerleri ulagyň ozalky nusgalary bilen deňeşdirilende, birnäçe täze üýtgeşmeleri özünde jemlejek nobatdaky nesliniň üstünde işleýärler.

 

«Toyota Fortuner» kysymly awtoulagyň täze nesliniň suratlary «Theottle» lakamly awtoulag suratçysy tarapyndan neşir edildi. Dizaýneriň pikiriçe, Aziýada meşhur bolan we ýakynda Russiýada hödürlenen ýapon «çarçuwasynda» «Tacoma» kysymly pikabyň käbir çözgütleri ornaşdyrylyp, ol ep-esli üýtgedilen daşky görnüşe eýe bolar.

 

Ulagyň öň tarapynda awtoulagyň özboluşly bamperi, radiator gözenekleri we düýbünden täze çyralar bolar.

 

Ýeňil ulagyň daşky çarçuwasynyň gapdal taraplaryny özboluşly ýygyrtlar gurşap alar, arka tarapynda bolsa gorizontal çyralaryň ýerine dik çyralar ornaşdyrylar we yzky gapynyň merkezindäki örtükler bolmaz.

 

Ulag 48 woltlyk goşmaça kuwwatyny utgaşdyrýan 2,8 litrlik «ýokary güýçli» dizel hereketlendirijisi bilen tapawutlanar. Oňa 5 tizlikli mehaniki hem-de 6 tizlikli awtomatiki geçiriş ulgamy kömek eder.

 

«Toyota Fortuner» awtoulagynyň täze nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde guralar.