Hytaý döwletinde dünýäde ilkinji emeli aňly (AI) emeli hemrasy uçuryldy

Hytaýdaky Taýýuan hemra uçuryş merkezi ilkinji emeli aňly (AI) giper emeli hemrasyny orbita üstünlikli çykardy. “Smart Dragon-3” (SD-3) kysymly raketa-göteriji, Pekin wagty bilen sagat 11: 06-da uçuş meýdançasyndan uçdy we emeli aňly (AI) giper emeli hemrasy ýaly dokuz hemra toparyny älem giňişligine alyp gitdi.

 

“Rongpiao” ýa-da “Xingshidai-18” diýlip atlandyrylýan emeli aňly ( AI ) giper emeli hemrasy, kompaniýanyň altynjy nesli “Akylly emeli hemra” ulgamy bilen enjamlaşdyrylan toplumlaýyn tor hemrasydyr.

 

Emeli aňly ( AI ) giper emeli hemrasy orbitadaky sinesteziniň algoritmini barlamak üçin niýetlenendir we geljekde aragatnaşyk ulgamyny uzakdan dolandyrmak üçin integrirlenen platforma bolup durýar.