«TOYOTA HILUX 2025» tanyşdyryldy

Awstraliýada ilkinji gezek täze «Toyota Hilux 2025» görkezildi. Munuň özi geçen ýyl täzelenen Ýaponiýa hem-de Ýewropa üçin niýetlenen nusgalardan tapawutlylykda, Awstraliýa üçin öndüriljek ulagyň täze «ýüzi» bolar.

 

«Hilux» awtoulagynyň 2025-nji ýyl üçin niýetlenen nusgasynda täze bamper ornaşdyryldy. Şeýle-de başga görnüşdäki howa girişleri bilen çarçuwalanandyrylan täze sekizburçly gözeneklerden ybarat bolan radiator peýda bolar. Ulagyň dürli nusgalarynda gözenekleriň görnüşleri üýtgär. Yzky gapynyň açylmagyny we ýapylmagyny ýeňilleşdirýän amortizator bolar.

 

Ulagyň esasy tehniki aýratynlygy — 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisine esaslanýan «ýumşak» gibrid güýç gurluşydyr. Bu ulgam kemer bilen dolandyrylýan starter-generatory, kiçi litiý batareýasyny we «start-stop» ulgamynyň üpjünçiligi üçin elektrik togunyň öwrüjisini öz içine alýar. «Toyota» elektrikleşdirmegiň hereketlendirijiniň kuwwatyny 6-10% tygşytlamagyna ýardam edendigini, galyberse-de, sesiň we titremäniň azalandygyny belleýär. Güýç gurluşy 203 at güýjüne barabar kuwwaty öndürýär. Indi «ýumşak» gibridler «Multi-Terrain Select» ulgamynyň esasynda dürli ýerler üçin alty hereketlendiriji düzgünini özünde jemleýän geçiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.

 

«Hilux 2025» ulagynyň adaty 2,8 litrlik we 2,4 litrlik dizel, şeýle hem 2,7 litrlik benzin dwigateli boýunça hereket edýän nusgalary bar. Olar mehaniki ýa-da awtomatiki geçiriş, şeýle hem yzky tigirleri ýa-da ähli tigirleri hereket edýän görnüşlerde bolup biler.