ŞHG-ä agza ýurtlar bilelikde Tehnoparklaryň bileleşigini dörederler

 

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.

 

Bu çäre «Digital Almaty 2024» forumynyň çäklerinde geçirildi.

 

Bileleşik innowasion ekoulgamy mundan beýläk-de ösdürmäge, başlangyç taslamalary we IT kompaniýalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga ýardam berer.

 

Ministriň bellemegine görä, Bileleşigiň esasy maksady – başlangyç taslamalary alyşmakdan we Tehnoparklaryň tejribelerini paýlaşmakdan, başlangyç kompaniýalaryň bazarlara girmegine ýardam bermekden, umumy wençura gaznasyny döretmekden, bilelikdäki inkubasiýa we akselerasiýa maksatnamalary boýunça tälim bermekden, ŞHG-a agza ýurtlaryň tehnoparklarynda kabul edilýän çözgütleriň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.

 

Şeýle hem Bagdat Musin, ŞHG-ni Russiýa – Gazagystan – Eýran ugry boýunça Hindi ummanyna çykalga bilen birikdirýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýäniň döwletleri bilen tehnologik arabaglanyşygy ösdürer.

 

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar durnukly ösüş üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň öňünde durýan kynçylyklary we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, ŞHG-niň giňişliginde sanly deňsizligi aradan aýyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň meýilnamalary barada pikir alyşdylar we bu ulgamdaky ählumumy ösüş meýilleri barada garaýyşlaryny paýlaşdylar.