Türkmenistan we Belarus ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara belorus-türkmen toparynyň türkmen tarapyndan başlygy Mämmethan Çakyýew Belarusuň ilçisi Wýaçeslaw Beskosty bilen duşuşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini, şol sanda Hökümetara toparynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginlerini hem-de ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Ozal “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan oktýabrda Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça howa arkaly göni ýolagçy gatnawynyň täzeden dikeldiljekdigi habar berlipdi. Şu aýda hem “Belawia” Belarusdan Türkmenistana we yzyna howa arkaly gatnawy täzeden dikelder.