«Toyota Camry»: 2,5 litrlik iki hereketlendirijili nusgasynyň suratlary peýda boldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrliginiň resmi web saýtynda «Toyota Camry» awtoulagynyň iki dwigatelli gibrid görnüşiniň suratlary hödürlenildi.

 

Awtoulag «TNGA-K» platformasynda bolup, onda heniz güýji näbelli bolan elektrik hereketlendirijisi bilen jübütlikdäki 2,5 litrlik atmosferaly hereketlendiriji ulanylar. Awtoulagyň umumy daşky görnüşi onuň 2,0 litrlik içerki ýangyç hereketlendirijisi bolan gibrid görnüşinden kän bir tapawutlanmaýar.

 

Täze awtoulagyň yzky çyralary «C» harpynyň görnüşinde ýerleşdirilipdir. Gabarasynyň ölçegleri barada aýdylanda bolsa, täze önümiň uzynlygy, ini we beýikligi degişlilikde 4950, 1850 hem-de 1450 mm, tigirleriň aralygy 2825 mm deňdir.

 

Suratlara esaslansak, täze awtoulag daşky görnüşi boýunça birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanar. Ulagyň gabarasy iki reňkde bolup, öňki we yzky böleklerine ornaşdyrylan enjamlar oňa sport öwüşginini çaýýar.

 

Onuň kuwwatyny belläp geçsek, ulagyň gibrid nusgasyndaky güýç gurluşynyň iň ýokary derejesi bary-ýogy 184 at güýjüne deň ýa-da 136 kWt bolar.