Türkmenbaşy porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär.
Bu söwda kompaniýalary we öndürijiler üçin diňe bir amatly bolman, eýsem örän bähbitlidir, sebäbi olar ýüki düşürmek we goňşy sebitlere ugratmak işlerini portuň öz çaginde birsydyrgyn alyp barmaga mümkinçilik alýarlar.
Eksport-import amallaryny amala aşyrýan kompaniýalar deňiz portunyň ösen infrastrukturasy, amatly we giň ammar jaýlary, ýükleji we düşüriji tehnikanyň häzirkizaman görnüşleri, ýakyn aralyga çenli çekilen awto we demir ýollary we harytlary goňşy ýurtlara ýa-da Türkmenistana dessine ugratmaga bolan mümkinçiligi sebäpli, belli bir artykmaçlyga eýe bolýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenbaşy deňiz porty – çylşyrymly ýokary mehanizirlenen kärhana, halkara ähmiýetli ulag merkezi. Ýyllyk ýük geçirijilik kuwwaty: konteýner terminaly - 400 müň TEU, umumy ýükleýiş terminaly - 4 million tonna, ürgün ýükler terminaly - 3 million tonna, polipropilen terminaly - 120 müň tonna.
Şeýle hem, portda ýylda 300 000 ýolagça we 75,000 ýük awtoulagyna hyzmat edip bilýän awtomobil we ýolagçy parom terminallary bar.
Halkara logistika ulgamynda möhüm baglaýjy halka bolan Türkmenbaşy portundan geçýän import-eksport we üstaşyr ýükleriň möçberi barha artýar.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde deňiz portunda ýük daşaýanlar, ugradyjylar we kabul edijiler, şeýle hem öndürijiler üçin iň amatly şertler döredildi.
Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tutuş ýylyň dowamynda söwda we ýolagçy gämilerine hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Birnäçe artykmaçlyklar we ýöriteleşdirilen funksiýalar, açyk we ýapyk ammarlaryň, şeýle hem häzirkizaman enjamlarynyň bolmagy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň halkara ulag-logistika ulgamynda hemişe özara bähbitli we uzakmöhletli hyzmatdaşlyga taýyn hyzmatdaş hökmünde möhüm orun eýelemegini üpjün etdi.