Daşoguz welaýatynda ýokary tizlikli internet ulanyjylaryň sany ep-esli artdy

“Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy geçen ýylyň netijeleri boýunça ýokary tizlikli internet ulanyjylaryň sanynyň ep-esli artandygyny habar berýär. Geçen ýylyň dowamynda welaýat boýunça telefon nokatlarynyň 6 müň 820-siniň deregine 9 müň 134-si ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi.

 

Geçen ýyl welaýatda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 6 müň sany telefon nokadyna derek 6 müň 377 sany telefon nokady gurnaldy. Welaýatyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynyň artýandygyna görä, ilatyň öýlerine çekilýän hem-de internet ulgamyna birikdirilýän telefon nokatlaryna isleg barha artýar.

 

Bellenişi ýaly, “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenleri häzirki zaman sanly çözgütleri özleşdirmek we ornaşdyrmak işlerini alyp barýarlar.