Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi.
Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň binýadyny düzýär. Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygyna gabatlanan bu forum döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan möhüm çäre ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Watanymyzyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen bu foruma Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» hakynda Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etdi. Şol ýylyň dekabrynda bolsa degişli Kararnama esasynda 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi.
Zerurlygy we möhüm ähmiýeti wagtyň synagyndan geçen Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy wehimlere jogap bermek, bar bolan meseleleri çözmek, geljek nesiller üçin abadan geljegi gurmak babatda dialog we hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki işlere gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň çäklerinde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işiniň ähmiýetini bellemek gerek.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko forumyň umumy mejlisinde eden çykyşynda maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri teklip edendigi bellenildi. Munuň üçin oňyn halkara dialogy has-da ösdürmek zerurdyr. Şunda döwletleriň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy. Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk sözlerini beýan edip, D.Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we jogapkärçilikli orny eýeläp, Türkmenistan BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şonda döwlet Baştutanymyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Şunda bu Strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny girizmegiň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň hatarynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly ugurlar bar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Onuň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe-ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Aşgabatda geçirilen halkara forumyň gün tertibine gaýdyp gelmek bilen, onda garalan meseleleriň köp ugurlary öz içine alandygyny we gatnaşyjylaryň düzüminiň giň bolandygyny bellemek gerek. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçiň çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy hereketleri işjeňleşdirmekde forumyň uly ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ýurdumyzyň goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigini nygtady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, bu ugurda BMG-niň we beýleki guramalaryň tagallalaryny goldamak üçin aýratyn mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Aşgabatda iri halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýakyndan goldaw berýändigi üçin ýurdumyza hoşallyk bildirip, jenap Kaha Imnadze sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmekde we goldamakda BMG-niň ygtybarly, netijeli hyzmatdaşy hökmünde Bitarap Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidilen bu başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň “Parahatçylyk üçin Gün tertibiniň” ýörelgelerine hem laýyk gelýändigi nygtaldy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili, ýurduň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukažanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Ýusef Al Dobeanyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ugruna we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kauma, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesus, BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, şeýle hem Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Giň ugurlary öz içine alýan, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribeler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigi, umumy abadançylygyň bähbidine köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda tagallalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Çykyş edenler Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meselelerde hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdylar. Bular barada dört sany mowzuklaýyn bölümçäniň çäklerinde hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda geçirilen mejlisleriň biri öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogy herekete getirmegiň meselelerine bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen we Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Häzirki wagtda bu düzüm sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly derwaýys meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda netijeli gural bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we ýaramaz täsirini aradan aýyrmakda, sebit hem-de ählumumy üýtgeşmeler babatda alnyp barylýan oňyn işleri pugtalandyrmakda, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti barha artýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen ikinji mejlisiň mazmuny dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň tutýan orny bilen baglanyşykly boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda BMG we beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy özüni hyzmatdaşlygyň netijeli meýdançalarynyň biri hökmünde görkezdi. Onuň işine ýurdumyzyň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Şunda dünýä gurluşynyň möhüm we aýrylmaz şertleriniň biri hökmünde zenanlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Üçünji mejlis ýaşlaryň kuwwatyna, dialog arkaly geljek nesiller üçin mümkinçilikleri giňeltmek meselelerine bagyşlandy. Täze taryhy döwürde ýaşlar syýasaty Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bu meseläniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren ileri tutulýan garaýyşlarynda hem öz beýanyny tapmagy tötänden däldir. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýelemek bilen, anyk teklipleri, şol sanda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Dürli medeniýetlere, sebitlere we garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary ösdürmek, dünýäde ýagty geljegi gurmak işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini ulanmakda hyzmatdaşlyk etmek maslahatyň esasy maksady boldy. Bu duşuşygyň geçirilmegi ýaş nesillere döwletimiz tarapyndan uly ynam bildirilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Forumyň jemleri boýunça medeniýetara dialogyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda yzygiderli hereketleriň meýdançasy bolup hyzmat etmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekildi.
BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edarasynda guralan dördünji mejlis ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda diplomatik dialogyň ähmiýetine bagyşlandy. Bu meselä 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) gün tertibinde hem aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa diplomatiýasynyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemek gerek. Howa meselesi bolsa onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “СOP28” maslahatyndaky çykyşynda bu ugurdaky esasy wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli çemeleşmelerini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwrüň esasy wehimlerine garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “СOP28” maslahatynda bütin adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi.
Şeýlelikde, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edilmegi we ýaýradylmagy Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly, netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnamasy, ýurdumyzyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky güwäsidir.