"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO standartyna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga taýýarlanylar

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ISO talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak üçin birnäçe täzelikleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Zawodyň halkara şahadatnama eýe bolmagy onuň daşarky bazarlardaky ornuny has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu boýunça teklipler koreý kärdeşleri bilen geçirilen gepleşiklerde mälim edildi diýip, "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň resmi web-saýty belleýär.

 

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada 2023-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

 

Şunuň bilen baglylyk-da «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik düzümine degişli bolan hünärmenleri degişli ugurlar boýunça ýakyn wagtlarda okatmak, «Balkan» zawodyny ISO Halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak we gämi gurluşyk barada anyk meseleler barada birnäçe teklipleriň üstünde durulyp geçildi.

 

Milli gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda 4 gämini gurmaga we 20 gämide abatlaýyş işlerini geçirmäge niýetlenendir.

 

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bilelikde 2018-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga berildi. Şondan birnäçe wagt geçenden soň, zawod hukuk taýdan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boldy.