Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy porty
“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.
Russiýa bilen hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi barada aýdyp, ol senagat önümçiligi, gurluşyk, IT tehnologiýalary, derman serişdeleri, ýeňil senagat önümleri bilen üpjün etmek ýaly taslamalary Russiýanyň işewürler toparynyň Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşygynda “geljegi uly ugurlar” diýip atlandyrdy.
Maksim Reşetnikow “Demirgazyk-Günorta” HUG taslamasynyň ilerlemeginde Hazarüsti ulag geçelgesiniň we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ornuna aýratyn baha berdi.
Ministriň pikiriçe, Russiýa üçin “Hazar ýurtlary ýylsaýyn has möhüm hyzmatdaşlara öwrülýär - soňky alty ýylda biziň özara söwda dolanyşygymyz 54% ýokarlandy. Söwdanyň möçberi - 2021-nji ýylda ABŞ-nyň 4 milliard dollaryna deň boldy.”
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýedi aýynyň netijelerine görä, dürli sanksiýalara we çäklendirmelere garamazdan, söwda dolanyşygy 10,3% (20.1 milliard dollara çenli) ýokarlandy.
Ol haryt dolanyşygynyň, esasan goşmaça baha goýlan önümlerden durýandygyny belledi. Bulara azyk, metallar, agaç we agaç önümleri, himiki maddalar, dökünler, maşyngurluşyk önümleri we ulag degişlidir.
Hazar ykdysady forumy barada ministr: “Biziň üçin bu ýene bir gezek jemlenip, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, umumy düşünjäni ösdürmek üçin mümkinçilik. Hazar ýurtlarynyň hemmesi bilen ýakyndan ýola goýlan gatnaşyklarymyz bar. Hökümetara toparlar yzygiderli işleýär, wekiliýetler, aýry-aýry pudak edaralary, premýerler iş saparlaryny amala aşyrýarlar, prezidentleriň derejesinde gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe. Hemme meseleler anyk, edilmeli işler ädimme-ädim meýilleşdirilen, hereket dowam edýär. Forumda, beýleki zatlar bilen birlikde, strategik gün tertibini, tebigaty goramak we howa meselelerini, epidemiologik howpsuzlygy ara alyp maslahatlaşarys. Biz diňe ertir ýa-da birigünüň meselelerini çözmek bilen çäklenmän, biraz öňe seredip, 2025-2030-njy ýyllara nazar aýlamaly" - diýdi.
Hazar sebiti 270 milliondan gowrak ilaty bolan bäş ýurdy - Russiýany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany we Türkmenistany birleşdirýär. “RG”-nyň bellemegine görä, energiýa önümleriniň dünýä boýunça eksportynyň 12,6%-i we umuman, dünýä eksportynyň 7%-i bu ýurtlaryň paýyna düşýär.