Aşgabadyň duralgalary Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri bilen bezeldi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň duralgalarynda türkmen edebiýatynyň dürdäne setirleriniň şekilleri ýazylan bildirişler peýda boldy.
Indi ýolagçylar «Türkmeniň» goşgusyndaky meşhur setirleri we Pyragynyň beýleki ylham beriji sözlerini okamak bilen ulaglara garaşýan wagtlaryny mazmunly geçirýär.
Bu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň medeni we seýilgäh toplumynyň, uly heýkeliniň açylmagyna taýýarlyk görülýär.
Şeýle hem, bu möhüm sene mynasybetli ýylyň şygaryna we görnükli şahsyýete bagyşlanan medeni hem-de köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirilýär.