2023-nji ýylyň dekabrynda Hazar basseýnindäki konteýner dolanyşygy 64,7% pese düşdi
2023-nji ýylyň dekabrynda Hazar deňziniň basseýnindäki portlaryň konteýner dolanyşygynyň derejesi geçen ýylyň dekabryndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, 64,7 %-e çenli pese düşdi.
«SeaNews ПОРТСТАТ» onlaýn-serwisiniň seljeriş maglumatlary importyň 37,5 %, eksportyň bolsa 92,8 % peselendigini görkezýär. Kabotaž gämilerinde daşalan konteýnerleriň mukdary geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 74,6 % azaldy.
2023-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň ähli deňiz portlarynyň konteýner dolanyşygynda Hazar basseýniniň paýy 0,1% boldy. Şol bir wagtyň özünde hem, 2022-nji ýylyň dekabryndakydan 83,9 % az ýüklenen konteýnerler ulanyldy. Belli bir temperaturada daşalmaly önümler üçin niýetlenen refkonteýnerler bolmady. Ýükli konteýnerleriň 74,6 %-e barabar bolan möçberi import edilse, 15,3 %-i eksport üçin ýollanyldy, 10,2 %-i bolsa kabotažda daşaldy.
Boş konteýnerleriň ýollanylmagy hem 27,2 % azaldy.