Türkmenistanyň talyp toparlary «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplar toparlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralýan «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar.

 

IT-bäsleşik institutda 18-19-njy martda geçiriler.

 

Bäsleşige ýurduň her ýokary we orta hünär okuw mekdebinden sanly tehnologiýalar ulgamynda bilimleri hem-de başarnyklary bolan, sanly pikirlenmä ukyply we häzirki zaman sanly giňişligiň şertlerinden erkin baş çykaryp bilýän üç gatnaşyjydan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

 

Gatnaşmak üçin çäräniň guramaçylyk toparyna 1-nji martdan öň tdbgi.hakaton@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly arzany ýollamalydyr.