Russiýanyň ulag kompaniýalaryny halkara gatnawlaryna kabul etmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi

 

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan ýerli ulag kompaniýalaryny halkara ýol gatnawlaryna kabul etmek üçin döwlet hyzmatlaryny bermegiň möhleti 20-den 5 iş gününe çenli azaldylar. Bu düzgüniň Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň gol çeken karary bilen tassyklanandygyny ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

 

Şeýle-de bu hukugy almak üçin zerur bolan reminamalaryň sany azaldyldy. Käbir ýük daşaýjylaryň talaplary bilen baglylykda, ulag kompaniýalary Russiýanyň ulag gözegçiliginiň federal gullugyna bir ýa-da üç resminamany ýollamaly bolarlar. Beýleki resminamalary pudagara elektron ulgamynyň çäginde alyp bolýar.

 

Bu çözgüt işewürlik çykdajylaryny azaltmaga we daşary söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

 

Resminamanyň nusgasynyň bolsa ýakyn wagtda çap edilmegine garaşylýar.