II HYF: Türkmenistan – hazarýaka ýurtlarynda ulag babatda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ugrunda
Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.
Türkmen wise-premýeriniň belleýşi ýaly, hazar sebitiniň bäş ýurdunyň anyk özara hereketlerini 2018-nji ýylyň awgust aýynda Aktauda hazarýaka döwletleriniň arasynda gol çekilip güýje giren ylalaşygyň çäklerinde ýola goýmak möhümdir. Resminama köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, ulag-aragatnaşyk ulgamynda päsgelçilikleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça işleri güýçlendirmekde, şeýle hem aragatnaşyk kuwwatyny artdyrmak üçin täze ulag-logistika geçelgelerini açmakda we ösdürmekde bilelikdäki hereketleri düzgünleşdirýär – diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary aýtdy.
Häzir Türkmenistanda ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň depginli ösýän we geljegi uly ugrudyr. “Biziň ýurdumyz Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlar boýunça ulag-üstaşyr geçelegeleri amala aşyrýar, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar we TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demirýol köprüsini, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we Kerkide halkara howa menzillerini, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi” diýip, Geldimyradow ýatlatdy.
“Skolkowo” merkezinde 5-6-njy oktýabrda geçirilýän II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar, şeýle hem ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hem-de sebitara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryndaky bilelikdäki taslamalara garadylar.