Türkmenistanyň wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisine gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisi öz işine başlady.

 

2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu sessiýa gatnaşdy. Onuň çäklerinde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň döwürleýin altynjy hasabatyna hem seredildi.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşlarynda 2018-nji ýylda geçirilen 5-nji döwürleýin synyň netijesinde öňe sürülen birnäçe  meseleleri çözmekde 2018-2023 ýyllar aralygynda syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni ugurlardaky  özgertmeler barada maglumat berildi.

 

Komitetiň mejlisi öz işini 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli dowam eder.