Şu ýylyň ýazynda Belarusyň ýüklerini Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça daşamak synag edilip başlanar
Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan oblastynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-de önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahan port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellendi. Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Dmitriý Krutoý ýükleriň Belarusdan Astrahana, soňra bolsa Eýrana getirilmegi, galyberse-de, «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana ýetirilmek mümkinçiligi üçin netijeli ortaça nyrhy tapmagyň zerurdygyny aýtdy.
«Lotos» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Miluşkin ÝYZ portunyň tertibi barada aýtdy. Onuň işe başlanmagy bilen, ilkinji nobatda, Belarusdan ýük daşamak, aýratyn hem konteýner dolanyşygy üçin mümkinçilik dörär. S.Miluşkin barlag nokadynyň şu ýylyň ýazynda işe girizilen badyna konteýnerleriň ilkinji synag gatnawyna başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
«Logistika kompaniýalary bilen bir hatarda, «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça deňiz ýoly üçin hem bäsdeşlik nyrhy işlenip düzülýär» — diýip, ýolbaşçy nygtady.
— Biz uzak wagt bäri Belarusyň hyzmatdaşlary bilen şu ugurdaky işi dowam etdirýäris we geljegi Belarus önümleriniň ÝYZ portunyň üsti bilen Hazar ýurtlaryna, hatda Hindistana ýollanylmagynda we «Lotus» ÝYZ-niň çäginde önümçiligiň lokallaşdyrylmagynda görýäris — diýip, Miluşkin sözüniň üstüni ýetirdi.