Müsüriň Sues kanalynyň girdejisi iki essä golaý pese düşdi
Gyzyl deňizde ýüze çykan durnuksyzlyk sebäpli, Müsüriň Sues kanalyndan alýan girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 804 million dollarlyk görkeziji bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwarynda 428 million dollara çenli azaldy. Bu barada Sues kanaly boýunça dolandyryş edarasynyň (SCA, döwlet edarasy) başlygy Osama Rabiniň habar berendigini «Bloomberg» mälim edýär.
Onuň sözlerine görä, kanala barýan gämileriň sany 36% azaldy.
«Sues kanaly şeýle ykdysady çökgünlige ilkinji gezek sezewar bolýar. Ozal bu görkeziji her aý we her ýyl öňküsinden has gowulanýardy» — diýip, Rabi belleýär.
«Bloomberg» Müsüriň girdejileriniň azalmagynyň ýurduň 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän ykdysady çökgünligini has hem ýitileşdirip biljekdigini beýan edýär. Agentligiň habaryna görä, Sues kanaly Müsür üçin daşary ýurt pul birliginiň möhüm çeşmesi bolup, ol diňe 2023-nji ýylda takmynan 10,25 milliard dollar girdeji getirdi.
Sues kanaly — Müsüriň Ortaýer we Gyzyl deňizlerini birleşdirýän gämi kanaly. Uzynlygy 160 kilometre barabar bolan kanal 1869-njy ýylyň noýabrynda açylypdy. Häzirki wagtda Sues kanaly nebit öndürmekde, syýahatçylyk we oba hojalygy ulgamyny utgaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Müsüriň esasy girdeji çeşmelerinden biridir.