II HYF: Türkmenistan hazar ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär

Türkmenistan Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär. Bu barada penşenbe güni wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.

“söwda infrastrukturasyny ösdürmek we eksport ugurlaryny döretmek baradaky meseleleri toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berjek harytlary geçiriş ulgamyny kemala getirmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmegi zurur hasaplaýarys” diýip, Türkmenistanyň hökümetiniň agzasynyň aýdan sözlerini TASS beýan edýär.

Wise-premýer sanly söwda, gümrük amallaryny geçirmek we güwälendiriş, gözegçilik edýän edaralaryň hyzmatdaşlyk etmegi, serhetüsti akymlary guramak ulgamlarynda hazar sebitiniň bäş ýurdunyň hyzmatdaşlygy üçin kanunçylygyň sazlaşdyrylmagyny wajyp ugur hökmünde atlandyrdy.