Türkmenistan — BMG: gender syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Konwensiýasyny ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda 2018-nji ýylda geçirilen 5-nji döwürleýin synyň çäklerinde bellenilen birnäçe meseleleri çözmekde öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik beren, 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty esasynda zenanlara mümkin bolan ähli ýeňillikler berilýär. Olaryň mynasyp ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Zenanlar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işleýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, eziz Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, maşgalalary goldamak, eneligi we çagalygy goramak boýunça hem toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýär.
Geçen ýylyň 29-njy noýabrynda ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolup durýan Aziýa ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin bu maksatnamanyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem munuň nobatdaky güwäsidir. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we Mongoliýanyň degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Aziýa ösüş banky tarapyndan yglan edilen we birnäçe tapgyrda geçirilen bäsleşige gatnaşandygyny bellemek gerek.
Geçen ýyl Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde guralan zenan işewürleriň forumynda gender deňligini, jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmekde ýokary netijeleri görkezendigi üçin ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine dabaraly ýagdaýda ýeňijiniň sylagy gowşuryldy. Bu waka hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde gender deňligini üpjün etmek, demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda zenanlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaş hünärmenleriň, şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň bilim almaklary we dynç almaklary üçin şertleri döretmek babatda ähli zerur işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň BMG we beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly gender syýasaty ulgamyndaky anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleriň oňyn çözülmegine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr.