Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol boýunça ýük gatnawy rekord görkezijä ýetdi

Hytaýyň Urumçy şäherinde ýerli hünärmenler bilen Gazagystanyň demir ýol dolandyryjylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýerde bilelikdäki işleriň netijeleriniň jemlenendigini «inbusiness.kz» habar berýär.

 

Gazagystanyň «Gazagystanyň demir ýoly» milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy bolsa duşuşygyň ähmiýetini belleýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasynda ýük daşamagyň mukdary 22% artdy. Netijede, täze rekord — 28 million tonnadan gowrak görkeziji bellige alyndy.

 

«Gazagystanyň ýük daşaýjylary eksport üçin 12,6 million tonna barabar bolan önümi ýolladylar, munuň özi 2022-nji ýyldakydan 35% ýokarydyr. Galla ýükleriniň eksporty 2 esse — 2,2 million tonna çenli, un we degirmen önümleri 3 esse — 600 müň tonna çenli, ösümlik ýagy 56% — 180 müň tonna çenli, reňkli metallar 41% — 500 müň tonna çenli, koks bolsa 4 esse ýokarlandy — diýip, Gazagystanyň demir ýol operatorynyň metbugat gullugy belleýär.

 

Bu netijäni has-da pugtalandyrmak başardarmy? Häzirki wagtda iki ýurtda hem uly göwrümli ýol işleri alnyp barylýar we taraplar bu barada birek-birege habar berdiler. Şeýle işleriň hatarynda signalizasiýa we awtomatlaşdyryş enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, Gazagystan Respublikasyndaky Moýynty-Dostyk bölüminiň infrastrukturasyny giňeltmek ýa-da Hytaý Halk Respublikasynda Szinhe-Alaşankou demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler mynasyp ornuny tapýar. Şol bir wagtyň özünde hem, Gazagystanyň we Hytaýyň demir ýol ulgamynyň wekilleri Dostyk-Alaşankou serhet geçelgesinde işleriň sinhronlaşdyrylmagy barada ylalaşmagy başardylar. Öňde goýlan wezipeleri göz öňünde tutup, taraplar ýük daşamagyň mukdaryny geçen ýylky derejesinde saklamagy maksat edinýärler.

 

Gazagystan Respublikasynyň hökümeti 2023-nji ýylyň ahyrynda işleriň netijelerini we demir ýol gatnawlary boýunça meýilnamalaryny jemledi. 2023-nji ýylda demir ýol ulaglary pudagynda birnäçe uly taslama başlandy. Şolaryň arasynda Almaty demir ýol çatrygynyň ýarysyny diýen ýaly ýeňilleşdirjek we Merkezi Aziýa ugrundaky geçirijilik kuwwatyny 10 million tonna çenli ýokarlandyrjak Almaty stansiýasyndan we Darbaza - Maktaaral ugrundan aýlanyp geçýän aýlaw ulgamynyň gurluşygy bar.