Hytaýda aprel aýyndan 333 müň dollara aerotaksi satyn alyp bolar

Startaplaryň şäheriň howa hereketini amatly ýola goýmakda birnäçe başlangyçlary işleýän döwründe “eHang” kompaniýasynyň “EH 216 eVTOL” taslamasy eýýäm birnäçe gezek synagdan hem geçirildi. Kompaniýa öz ýerleşýän ýurdy Hytaýda täjirçilik maksatly howa taksi hyzmatlaryny ýola goýmaga rugsatnama aldy we bu babatda bazar bahany hem kesgitledi.

 

Hytaýda adamlar 1-nji aprelden başlap 2,39 million ýuan ýa-da 332 304 ABŞ dollar möçberinde töleg geçirip, “EH 216-S” görnüşli özbaşdak howa taksisini edinip bilerler.

 

“EH 216-S – bu “eVTOL-yň” uçarmansyz uçary bolup, sekiz sany jübüt wentilýasiýasy bolup, bir wagtyň özünde iki ýolagçyny 130 km / sag tizlik bilen 30 kilometr aralyga äkidip bilýär.

 

2016-njy ýylda geçirilen sergide ilkinji gezek tanyşdyrylan uçar geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaýyň Raýat awiasiýasy administrasiýasyndan “CES”görnüşli şahadatnama aldy. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa ol howa giňişliginde hereket etmek üçin ýyllyk guratlyk şahadatnamasyny aldy. Bu öz gezeginde, korporatiw müşderilere ilkinji “eVTOL” uçarlaryny edinmäge sebäp boldy. Habar berlişine görä, “EH 216-S” pes belentlikdäki gezelençler we şäher syýahatçylygy ýaly ugurlarda giňden ulanylar. Şol aýyň ahyrynda “EH 216-S” Guançžou we Hefeý şäherlerine ilkinji uçuşlary amala aşyrdy.

 

Şeýlelikde, “Ehang” awtonom dolandyrylýan howa ulaglaryny ulanýan dünýäde ilkinji tassyklanan kompaniýa boldy. Häzirlikçe diňe Hytaýda howa taksilerini ulanmak mümkindir.