Italiýa 2026-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlarynyň tumaryny tanyşdyrdy

Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) resmi saýtynda Italiýanyň Milan hem-de Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň tumarynyň tassyklanandygy habar berildi. Şeýlelikde, tumar Tina we Milo atly samyrlaryň keşbinde öz beýanyny tapdy.

 

Ol çarşenbe güni San-Remoda geçen aýdym-saz festiwalynyň dowamynda görkezildi. Olimpiadanyň tumaryny saýlamak üçin bary-ýogy 1600 nusga hödürlendi. Ýeri gelende bellesek, bu haýwanlaryň atlary şäherleriň adyndan gelip çykýar. Tina Olimpiýa oýunlarynyň tumary hökmünde çykyş etse, Milo Paralimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Olara Flo atly gar tozgalarynyň altysy ýoldaş bolar.

 

Milanda hem-de Kortina-d’Ampessoda guraljak Olimpiýa oýunlary 2026-njy ýylyň 6 — 22-nji fewraly aralygynda geçer, Paralimpiada bolsa 6 — 15-nji mart bilen senelener.