Türkmen paýtagtynda «Russiýanyň ylymlar hepdesi» geçiriler

Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi türkmen paýtagtynda «Russiýanyň ylymynlar hepdesini» geçirer. Bu barada GDA işleri, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlar we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.

 

«Myhmanlara Russiýanyň görnükli alymlaryna we olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlanan gyzykly çäreler, ussatlyk sapaklary we bäsleşikler garaşýar» — diýlip, habarda aýdylýar.

 

«Russiýanyň ylymlar hepdesi» 7-nji fewralda başlanar we 12-nji fewrala çenli dowam eder. Degişli çäreleriň ählisi geçirilip bolanyndan soňra RT Documentary-nyň «Dünýä 2025. Geljegi görmek» filmi görkeziler.