Ýene bir bürünç: Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdi

Türkmen agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa Daşkentde geçirilýän 2024-nji ýylyň Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.

 

Silkip götermek boýunça Rustamowa 105 kilogram agram netijesi bilen, ýaryşyň geçirilýän ýurdy bolan Özbegistanly Rigina Adaşbaýewadan (107 kg) we Koreýaly Kim Suhýenndan (110 kg) soň üçünji orna eýe boldy. Anamjan itekläp götermek boýunça ýekeje synanyşyk hem edip bilmedi, şonuň netijesinde ýaryşyň ikinji görnüşinde medal almak üçin mümkinçilikden mahrum edildi diýip, habarda bellenilýär.

 

Aziýa çempionaty 3-nji fewralda Daşkentde başlandy we 10-njy fewrala çenli dowam eder. Bäsleşige yklymyň 34 ýurdundan 239 türgen gatnaşýar.

 

Erkekler we aýallar üçin on agram derejesindäki medallardan başga-da, agyr atletika boýunça Aziýanyň öňdebaryjy türgenleri 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýardam etjek utuklary gazanmak ugrunda bäsleşýärler.