TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazarda ýeňil senagat önümlerine uly isleg bildirilýär

Penşenbe güni, 8-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda ýurdumyzda öndürilýän ýeňil senagat önümlerine uly isleg bildirildi.

 

Pakistandan we Türkiýeden telekeçiler çig-ýüpek, nah ýüplügini we agardylan pagta süýümini satyn almak boýunça Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

 

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 380 360 dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.