Türkmenistan we sebitiň ýurtlary üstaşyr geçirmeleri artdyrmak boýunça ylalaşyk gazandylar

Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler sammitini kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar. 8-nji oktýabrda taraplaryň her biriniň jogapkär adamlarynyň deslapky duşuşygy geçirildi, şonda sebit derejesinde ulag ulgamynda özara hereketleriň ýakynlaşdyrylmagy boýunça bilelikdäki resminama ylalaşyldy.

Ýekşenbe güni, 9-njy oktýabrda agzalan ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleriniň arasynda esasy gepleşikler geçirilip, ol bilelikdäki beýannama gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Sammitiň esasy maksatlarynyň biri bu ýurtlaryň arasynda ýükleri 20 million tonna çenli üstaşyr geçirmäge artdyrmakdan ybarat boldy. Munuň özi Hazar deňzinden gündogar ugur boýunça multimodal üstaşyr geçirmegi işjeňleşdirmek baradaky ylalaşygyň bir bölegidir, ol sammitde ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistana ministrler derejesindäki duşuşykda ýurdumuzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik etdi.

Туркменистан и страны региона достигли согласия по наращиванию транзитных перевозок

Ol forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerine aýratyn üns berip, ulag pudagynyň tehnik parkynyň hem-de onuň dolandyryjylyk-hukuk binýadynyň täzelenilişi barada gürrüň berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlar boýunça üstaşyr ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmaga uly goşant goşýandygy bellenildi. Ýurt gündogarda – Günorta Aziýa (Owganystan, Pakistan ýaly ýurtlara), günortada -- Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna, Hindi ummanyna we Ýakyn Gündogara (Oman, Katar, BAE, Saud Arabystany) hem-de Afrika yklymyna, şeýle hem Eýranyň üsti bilen Türkiýä çykalgalara eýedir.

Türkmenistany Eýran bilen birnäçe demir we awtomobil ýollary baglanyşdyrýar, şol ýollar, öz nobatynda, üçünji ýurtlara çykalgany üpjün edýär. Türkmenistanyň Owganystan bilen Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýol ugurlarynyň ikisi boýunça gatnawlary bar. Şeýle hem awtomobil ýollary bolup, şolaryň üsti bilen Türkmenistan Owganystana we ondan aňry Pakistana çykalgalara eýedir.

Hazarda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan Russiýanyň Olýa, Mahaçkala, Astrahan, Gazagystanyň Aktau we Kuryk, Azerbaýjanyň Baky we Alýat, şeýle hem Eýranyň Amirabaat we Anzali portlaryna gatnawlary hereket edýär.

Туркменистан и страны региона достигли согласия по наращиванию транзитных перевозок

Infrastruktura taýdan ösüş barada aýdylanda, Türkmenistanda soňky ýyllarda täze awtomobil we demir ýollary guruldy, öňden bar bolanlary döwrebaplaaşdyryldy, Halkara howa menzilleriniň 6-sy bina edildi we häzirki wagtda Balkan welaýatynda (Jebel) IKAO-nyň ölçeglerine laýyklykda, ýene-de bir howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy porty hem möhüm halka bolup, onuň düzümine nebit guýujy, parom, ýolagçy hem-de ýylda geçirijilik ukyby 25-27 million tonna ýüke barabar bolan ýük terminaly girýär.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol geçelgesiniň geçirijilik ukyby bir ýylda 10 million tonna töwerege barabar bolup, ol “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň halkasy bolmak bilen, beýleki gatnawlar bilen deňeşdirilende, onuň esasy aýratynlygy ýükleri daşamagyň aralygynyň we bahasynyň ençeme esse pese düşmeginden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligi Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna hem itergi berýär, onuň ilkinji bölegi – Aşgabat-Tejen aralygy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga berildi. Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi awtoulag ýolunyň ugrunda Garabogaz Hazar aýlagynyň üstünden geçjek täze awtoulag köprüsiniň gurluşygyna başlanyldy.

2018-nji ýylda “Balkan” gämigurluşyk/gämiabaatlaýyş zawody ulanyşa tabşyryldy, şol ýerde häzir demir ýol wagonlaryny daşamak üçin Ro-Ro ýük daşaýjy gämileriň ikisini hem-de gury ýük daşaýjylaryň birini gurmak meýilleşdirilýär.

Туркменистан и страны региона достигли согласия по наращиванию транзитных перевозок

Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dolandyryş-hukuk düzgüni hem kämilleşdirilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap Türkmenistanyň serhetlerinde barlag-geçiriş nokatlarynyň üsti bilen girilende, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçilende daşary döwletleriň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlar we tölegler azaldyldy.

Şeýle hem Türkmenistan ТRАSЕКА hem-de Demirgazyk-Günorta Halkara geçelgeleri baradaky ylalaşyklara goşulyşmak boýunça işleri işjeň alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyz ulag we logistika ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda halkara tejribesiniň ulanylmagyna gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň elektron görnüşli (E-CMR) resminama degişli bolan ýükleri ýollar arkaly halkara derejesinde daşamagyň ylalaşygy baradaky Konwensiýasyna Goşmaça teswirnama goşulyşmak boýunça işlere başlanyldy.