Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä hem-de ýurduň dostlukly halkyna täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

 

«Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan Bahar baýramy Hytaýda möhüm we giňden bellenilýän baýramdyr. Goý, ýetip gelýän täze ýyl ýurduňyzyň ähli halkyna saglyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş getirsin!» diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlag hatynda bellenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leszä berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.